Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň tokaý sakçylary ejizleýär


Nižniý Nowgorod welaýatyna degişli bir obada tokaý hojalygy edarasynyň öňünde oturan Iwan Ýewangulow gaty ýadaw görünýär.


45 ýaş töweregindäki Ýewangulow 20 ýyllap tokaý sakçysy bolup işläpdir. Ýöne ol indi gözegçilikden çykyp, bu tokaýy ýalmap gelýän oduň öňüni alardan özüniň ejizligini aýdýar: “Ýangynyň uzynlygy 3-4 kilometr, ýalyn asmana göterilip, 35-40 metre ýetýär. Özüňiz bir göz öňüne getirip görüň. Ol töwerege örän tiz ýaýraýar. Ondan gaçyp gutular ýaly däl. Şeýle bir çalt ilerleýär welin, asyl togtadyp bolanok”.

Sowet döwründe Ýewangulow ýaly ýurduň 775 million gektarlyk tokaýyny goraýan 70 müň töweregi sakçysy bardy. Tokaýçylyk hojalygynyň beýleki 200 müň işgäri bilen birlikde bular ýangynyň öňünde gaýduwsyz güýç bolup durýardylar. Ýöne tokaýçylyk hyzmatlarynyň düýpleýin üýtgedilmegi 50-den ýokary adamyň başyna ýetip, öýleri, müňlerçe gektarlyk agaçlary kül edip, Orsýetiň tokaýlaryny oduň öňünde goragsyz goýdy.

Ýurduň häzir galan az sanly tokaý sakçylarynyň biri Ýewangulow: “Ýagdaýy ýaramazlaşdyran barha möwjeýän howur bilen güýçli ýel” diýýär: “Güýçli ýel turup, ýagdaý kontroldan çykdy. Güýçli ýel zerarly bütinleý elden-aýakdan çykdy. Ot diwar ýaly süýşüp, dumly-duşa hereket edýär. Ol bu ýere gönükse, ýel ony başga ugra sowýar”.

Durzardan güýçli ýangyn artdygyça hem adamlaryň hökümete bolan gahary güýjeýär. Olar hökümeti ýangyna garşy göreşe goýberilýän serişdäni kemeldenlikde, çykaran täze tokaýçylyk hojalygy hakdaky kanuny bilen ýagdaýy ýaramazlaşdyranlykda aýyplaýar.

Indi üýtgedi

Alekseý Ýaroşenko Orsýetde “Greenpeace” guramasynyň tokaýçylyk boýunça eksperti. Ol: “Täze kanun Sowet döwründe ýola goýlan tokaýy goramak sistemasyny bir zarbada düýbünden dargatdy. Sakçylaryň sanyny 75 prosente golaý azaldyp, olaryň ýerine edara işgärlerini getirdi. Bular hem netijeli işläp bilenok” diýýär.

Ýaroşenko: “Sözüň öňki manysyndaky tokaý sakçysy, ýagny bir zat bolsa, derrew şol ýerde tapylyp, tokaýy goraýan sakçy indi ýok. Olar indi düýbünden ýok. Ýöne tokaý hojagygy edarasynda işleýän adamlar bar. Olar wagtal-wagtal tokaýda bolup, anketa doldurýarlar ýa-da şolar ýaly beýleki kagyz işlerini edýärler. Onsoň tokaý goragsyz. Geçen üç ýarym ýylda edilen iş şu” diýýär.

Täze tokaý kanuny soňky günlerde köp tankytlandy. Bu kanuna gol çeken şol wagtky prezident Wladimir Putin. “The Moscow Times” gazetiniň syýasy synçysy Ýulia Latynina: “Aslynda bu tragediýa jogapkär birje býurokrat bar. Ol hem Putiniň özi. Bu täze tokaý kanunyna 2007-nji ýylda gol çeken şol” diýip ýazdy.

Analizçi Ýewgeniý Wolk hem “Kreml ýangyna näme üçin beýle taýýarlyksyz bolup çykdy?” diýen soragy goýýar. Ol: “Gyzgyn howanyň Orsýetde torf ýangynyna, tokaý ýangynyna getirýänligi onlarça ýyl bäri bilinýän zat. Bu ýerde garaşylmadyk zat ýok. Onsoň tomus yssy boljak diýlip öňünden aýdylanda näme üçin gerekli çäreler görlüp, howply ýagdaý barada halka maglumat berilmedi diýen tebigy sorag döreýär” diýip, öz nägileligini bildirýär.
XS
SM
MD
LG