Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz saýlawlarynyň geçiriljek wagty belli


Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa 10-njy oktýabrda parlament saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi.

Resmiler Gyrgyzystanyň günortasynda ýerleşýän Oş welaýatynda gyrgyzlar bilen etniki özbekleriň arasyndaky çaknyşyklar köşeşýänçä saýlawlaryň geçirilmeli gününi yglan etmän geldiler. 10-njy awgustda bu regionda adatdan daşary ýagdaý ýatyryldy.

Gyrgyzystanda geçiriljek parlament saýlawlary bilen bagly Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça analitigi Brýus Panniýer bilen söhbetdeşlik.

Azatlyk Radiosy: Gyrgyzystanda 2007-nji ýylda parlament saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlaryň ýene-de bir gezek şu ýylyň 10-njy oktýabrynda geçirilmegine nähili zerurlyk bar?

Brýus Panniýer
Brýus Panniýer:
2007-nji ýylda Gyrgyzystanda parlament saýlawlary geçirildi. Şonda ýurduň taryhynda ilkinji gezek Kurmanbek Bakyýewi goldaýan “Ak jol” partiýasy häkimiýet başyna geldi. Bu partiýanyň ýardamy bilen prezident Bakyýewe öz ygtyýarlyklaryny artdyrýan üýtgetmeleri ýurduň Konstitusiýasyna girizmek başartdy.

2010-njy ýylyň aprel aýynda Bakyýewiň syýasatyndan nägile halk häkimiýet agdarylşygyny amala aşyryp, prezidentiň ýurdy terk etmegini gazandy. Şondan bäri Gyrgyzystany wagtlaýyn hökümet dolandyrýar.

Şu ýylyň iýun aýynda Gyrgyzystanyň syýasy gurluşygyny prezidentlik respublikasyndan parlament sistemasyna öwürýän referendum üstünlikli geçirildi. Ýurduň öňki parlamenti dargadylansoň, täze parlament saýlawlaryny geçirmek zerurlygy döredi.

Azatlyk Radiosy: Täze Konstitusiýa laýyklykda, täze parlamentiň gurluşy hem özgerýärmi?

Brýus Panniýer:
Merkezi Aziýa regionynda ilkinji parlament respublikasy bolmaly Gyrgyzystanyň parlamentiniň gurluşynda hem özgerişler amala aşyrylýar. Öňki parlamentde 90 deputat bolan bolsa, täze parlament giňeldilip, onda 120 deputatlyk orun dörediljek. Kanun boýunça, ýurtdaky syýasy partiýalaryň hiç biri parlamentde 65 orundan köp ýeri alyp bilmeýär. Ýagny, täze Konstitusiýa laýyklykda, hiç bir partiýa ýurdy ýeke özi dolandyryp bilmez. Häkimiýet başyna diňe birnäçe partiýadan ybarat koalisiýa gelip biler. Şeýle hem parlament ýurda ýolbaşçylyk etjek premýer-ministri saýlar. Çehiýa hem Germaniýadaky ýaly, Gyrgyzystanda hem prezidentiň funksiýalary prinsipial derejede kemeldilýär.

Azatlyk Radiosy: Bu saýlawlara näçe syýasy partiýa gatnaşyp biler?

Brýus Panniýer: Häzir takmynan bäş ýarym million adamdan ybarat Gyrgyzystanda 148 sany syýasy partiýalar hem dürli syýasy hereketler hasaba alyndy. Ýöne olaryň hemmesi oktýabr aýyna planlaşdyrylýan parlament saýlawlaryna gatnaşmaz diýlip çaklanýar. Synçylaryň köpüsiniň pikiriçe, Gyrgyzystanda diňe bäş ýa alty sany syýasy partiýanyň wekilleri deputatlyga saýlanylar.

Azatlyk Radiosy: Gyrgyzystandaky partiýalar hem hereketler ulumy? Olaryň syýasy platformalary biri-birinden tapawutlanýarmy?


Brýus Panniýer: Gyrgyzystandaky syýasy partiýalaryň sanynyň köpdügine garamazdan, olaryň diňe birnäçesiniň agzalarynyň sany 10 müňe ýetýär. Köplenç paritiýanyň abraýy onuň liderine bagly bolýar. Mysal üçin, Gyrgyzystanyň “Ar-namys” partiýasy üçin ses berenleriň köpüsi bu partiýanyň syýasy platformasyna garap däl-de, eýse onuň lideri Feliks Kulowy goldap ses bererler, “Ata-Mekan” partiýasyna onuň lideri Omürbek Tekebaýewi goldaýan saýlawçylar ses bererler, Almaz Atambaýewi sylaýanlaryň bolsa onuň ýolbaşçylyk edýän “Sosial-Demokratik” partiýasy üçin seslerini berjekdigi mälim. Ýagny, partiýalaryň syýasy platformalaryndan, şol partiýalaryň liderleriniň abraýy ilat üçin has möhüm bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Gyrgyzystanda saýlawlar döwründe durnuksyzlygyň emele gelmek howpy barmy?


Brýus Panniýer: Hawa, ýurduň günortasynda bolan etniki çaknyşyklardan soň, bu saýlawlaryň öň ýanyndaky kampaniýalar döwründe hem-de bu parlament saýlawlary geçiriljek mahaly regionda dartgynlylygyň artmak howpunyň ýokarlanmagy ähtimal.

Ýerli özbekler öz wekilleriniň parlamente saýlanmagyna garaşýarlar, gyrgyzlaryň bolsa özbeklere häkimiýetde orun bermejek bolup, bu ugurda hereket etmekleri mümkin. Mundan başga käbir abraýly syýasy partiýalaryň saýlawlara gatnaşmak üçin hasaba alynmazlygy mümkin ýa-da olaryň registrasiýasynyň ýatyrylmagy ähtimal.

Şeýle wakalar Gyrgyzystanyň taryhynda öň hem bolupdy. 2005-nji ýylda geçirilen parlament saýlawlarynda ýurduň häzirki prezidenti Roza Otunbaýewanyň partiýasy hasaba alnyp, soň bu partiýanyň registrasiýasy ýatyryldy. Ýöne bu wakadan soň Otunbaýewanyň partiýasy halk arasynda has köp goldaw tapdy.

Gyrgyzystanda öň geçirilen parlament saýlawlarynda jenaýatçylykly toparlara dahyly bolandyr diýlip güman edilýän käbir şahsyýetleriň-de parlamentdäki orunlara dalaş etmegi bilen bagly wakalar boldy. Bu bolsa halk arasynda nägileligiň ösmegine getirdi. Mysal hökmünde 2006-njy ýylda parlamente Ryspek Akmatbaýewiň saýlanmagyny getirip bolar.

Parlament saýlawlary geçirilensoň, adatça, dartgynlylyk artýar. Emma Otunbaýewanyň täze hökümeti bu saýlawlar bilen bagly ýüze çykyp biljek problemalary çözmegiň hötdesinden geler diýen umytlar bar.

Parlamentdäki orunlara dalaş edýänleriň hemmesiniň saýlawlarda üstünlik gazanyp bilmejegi-de açyk. Bu mümkin däl. Onsoň ýeňlen partiýalaryň, adatça, saýlawlaryň adalatsyz geçirilendigini, olaryň galplaşdyrylandygyny aýdyp, özlerini goldaýanlary köçä çykyp protest geçirmäge çagyrýarlar.

Saýlawlarda şowsuzlyga uçran partiýalaryň gysga wagtda täze hökümete garşy oppozisiýany döretmeklerine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG