Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda 250 müň adam howpsuz ýerlere göçürildi


Pakistanda suw joşmak howpy artan Penjap welaýatynyň merkezi şäheri Muzaffargafdan 250 müň adam howpsuz ýerlere göçürildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň beren maglumatlaryna görä, Pakistandaky tebigy hadysalaryndan 6 milliona golaý adamyň ömrüne howp abanyp, olar ynsanperwerlik kömegine juda mätäç. Bu barada BMG-niň metbugat sekretary Elizabet Baýrs aýtdy.

Guramanyň maglumatyna görä, Pakistandaky suw joşmasy sebäpli öýsüz galan adamlaryň sany 2004-nji ýylda Hindistanda bolan deňiz harasadyndakydan hem, 2010-njy ýylda Gaitide bolan ýer titremedäkiden hem köp bolup durýar.

Häzirki tebigy hadysalar Pakistanda 14 million adamyň durmuşyna ýaramaz täsirini ýetirdi.
XS
SM
MD
LG