Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda heläk bolan adamlaryň sany 700-e ýetdi


Hytaýda toprak süýşmesi netijesinde heläk bolan adamlaryň sany 700-e ýetdi.

Uzak wagtlap dowam eden ýagynlar sebäpli Hytaýyň Gansu regionynda ýerleşýän 3 obany topragyň doly gömendigi habar berilýär.

Bu waka 8-nji awgustda Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýüze çykdy.

Sişenbe güni Pekinde bu betbagtçylyk bilen bagly ýurduň premýer-ministri Wan Szýa Baonyň ýolbaşçylygynda ýörite maslahatyň geçirilendigi habar berildi.
XS
SM
MD
LG