Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG: Owganystanda ejir çekýän asuda ýaşaýjylaryň sany artdy


Birleşen Milletler Guramasy Owganystanda öldürilen we ýaralanan parahat ýaşaýjylaryň sanynyň geçen ýylkydan takmynan 30% artandygyny habar berýär.

Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky ýörite wekili Steffan De Mistura 10-njy awgustda Kabulda eden çykyşynda aýtdy.

Bu hasabata görä, şu ýylyň ilkinji 6 aýynda Owganystanda 1,271 adam öldürilip, 1997 sany parahat ýaşaýjy ýaralanypdyr.

NATO-nyň ýaranlyk güýçleriniň we hökümet goşunlarynyň harby hereketleri netijesinde şu ýyl 386 adamyň heläk bolandygy habar berilýär. Bu bolsa Owganystanda öldürilen parahat ýaşaýjylaryň umumy sanynyň 12%-ne deň.

Geçen ýyl bu san takmynan 2 esse ýokary bolup, 30%-e ýetipdi.
XS
SM
MD
LG