Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda gurluşyk işçileri açlyk yglan edýärler


Almaty şäheriniň metrosynyň gurluşygyny alyp barýan “Uranus CNI” kompaniýasynyň 10 işgäri özlerine 3 aý bäri aýlyk haklarynyň tölenmeýändigini aýdyp, 11-nji awgustdan başlap açlyk yglan etjekdiklerini mälim etdiler.

Bu kompaniýanyň direktory Kwon Ken Gyn sentýabr aýyna çenli aýlyk haklaryny tölemäge özleriniň serişdeleriniň bolmajakdygyny duýdurdy. Muňa kompaniýa tabşyrylan işiň wagtynda ýerine ýetirilmändigi sebäp boldy diýlip, habar berilýär.

Açlyk yglan eden işçileriň biri Daniýar Beýsenbekow iýun aýyndan bäri özlerine aýlyk haklarynyň tölenmeýändigini, şonuň üçin Oraza aýynyň birinji gününden başlap açlyk yglan etjekdigini aýtdy.

Almaty şäheriniň metro stansiýasy 1988-nji ýylda gurlup başlandy. Resmi maglumatlara görä, bu gurluşyga 8 milliard dollara golaý serişde sarp edilipdir. Gurluşygy tamamlamak üçin ýene 200 million dollaryň zerur boljakdygy aýdylýar.

Bu gurluşygyň 2011-nji ýylyň 16-njy dekabyrynda bellenjek Gazagystanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna çenli tamamlanmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG