Sepleriň elýeterliligi

BMG Gaza barýan gämä edilen hüjüm boýunça derňew geçirer


BMG 31-nji maýda Gaza ýardam alyp barýan gämä edilen hüjümi derňemek üçin ýörite komitet döredip, bu ugurda işe başlady.

Ysraýylyň bu çärelere gatnaşmakdan çekilmezligi üçin derňewleriň seresaply amala aşyryljakdygy, derňeljek işiň komitetiň agzalaryna bagly boljakdygy aýdylýar.

BMG-niň baş sekretary Ban Ki Mun duşenbe güni eden çykyşynda bu derňewleriň çäginde ysraýylly harbylaryň sorag edilmejekdigi barada aýdyp, Ysraýylyň hökümeti bilen hiç hili “gizlin ylalaşyga gelinmänligini” aýtdy.

Ysraýylly resmiler BMG-niň bu ädimine garşy çykyp, “biz komitete ysraýylly esgerleri soraga çagyrmajakdygy, häzirki döwürde Ysraýylda alnyp barylýan harby derňewleriň netijesine ygtybar edilen halatynda goldaw berjekdigimizi aýdypdyk” diýýärler.

Dört agzadan ybarat bu komitet häzirki döwürde ýapyk gapylaryň aňyrsynda duşuşyklar geçirýär.

Bu topar maglumat almak üçin ysraýylly esgerleri hem-de Ysraýylyň we Türkiýäniň hökümet wekillerini göni duşuşmaga çagyrarmy diýlen soraga BMG-niň metbugat wekili jogap bermekden saklandy.

Ysraýylyň goranmak ministri Ýehud Barak sişenbe güni eden çykyşynda ysraýylly esgerlerden sorag edilmegine rugsat berilmejekdigini ýene bir gezek gaýtalady.
XS
SM
MD
LG