Sepleriň elýeterliligi

Klinton eýranly aktiwistleriň ýagdaýyna alada bildirdi


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton eýranly hukuk goraýjylaryň ýagdaýy barada alada bildirip, beýanat ýaýratdy.

Klinton Tährany ölüm jezasyna höküm edilen aktiwistleri öldürmek baradaky planyny goýbolsun etmäge çagyrdy.

Klinton ölüm jezasyna höküm edilmegi mümkin 18 ýaşly Ibrahim Hamidi we adamysyna wepasyzlyk edenlikde günä bildirilýän hem-de daşlap öldürilmeli edilen eýranly zenan Sakine Mohammadi bilen bagly waka ünsi çekdi.

Klinton 2009-njy ýylda Eýranda geçirilen prezidentlik saýlawlaryndan soň öz garaýyşyny beýän edenligi üçin ölüm jezasyna höküm edilmek howpy abanýan aktiwistleriň ykbaly hakda hem alada bildirdi.

Klinton Eýrany BMG-niň esasy azatlyklar barada 1966-njy ýylda tassyklan şertnamasyny hem berjaý etmägede çagyrdy. Bu şertnamany Eýranyň öňki hökümeti ykrar edipdi.
XS
SM
MD
LG