Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede Kerkuk-Jeýhan nebit geçirijisi partladyldy


Türkiýeli resmiler Kerkuk-Jeýhan nebit turbasy nyşana alnyp, düýnki amala aşyrylan partlamada iki adamyň heläk bolup, bir adamyň hem ýaralananlygyny habar berdiler.

Yragyň serhediniň golaýynda amala aşyrylan bu partlamany türkiýeli resmiler “terroristik hereket” diýip häsiýetlendirýärler.

Türkiýäniň howpsuzlyk güýçleri gadagan edilen Kürt işçi partiýasynyň (PKK) mundan ozal hem şeýle hereketlere baş goşanlygyny aýdýarlar. Ýöne henize çenli bu partlamanyň jogapkärçiligini boýun alan ýok.

Bu partlama zerarly turbadan akýan nebit togtadyldy. Bu geçirijiden akýan nebit Yragyň eksport edýän nebitiniň 25%-ni emele getirýär.
XS
SM
MD
LG