Sepleriň elýeterliligi

Kolumbiýa we Wenesuela diplomatik gatnaşyklary dikeldýär


Sişenbe güni Kolumbiýa bilen Wenesuela diplomatik gatnaşyklary gaýtadan ýola goýýandyklaryny yglan etdiler.

Bu maglumat Kolumbiýanyň prezidenti Juan Manuel Santos bilen wenesuelaly kärdeşi Hugo Çawez duşuşanyndan soň mälim edildi.

Kolumbiýa ABŞ-a ýedi harby bazasyndan peýdalanmaga rugsat edýänligini yglan edenden soň, Çawez geçen ýyl Kolumbiýa bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýatyrylýanlygyny yglan edipdi.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyk Kolumbiýanyň öňki prezidenti Alwaro Uriban Wenesuelany 1,500 töweregi kolumbiýaly söweşijileriň ýurtda galmagyna göz ýumýanlykda aýyplandan soň, 2009-nji ýylyň 22-nji iýulynda düýbünden kesilipdi.
XS
SM
MD
LG