Sepleriň elýeterliligi

Tatarystan galla hasylynyň az bolmagyna garaşýar


Tatarystanly resmileriň aýtmagyna görä, bu ýurtda dowam edýän guraklyk galla hasylynyň garaşylşyndan az bolmagyna getirer. Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň Tatar gullugy ýaýratdy.

Tatarystanyň Oba hojalyk ministrligi 10-njy awgustda beren maglumatynda 2010-njy ýylda diňe 668 müň tonna bugdaýyň ýygnaljakdygyny bildirdi. 2009-njy ýylda ýygnalan galla 4.5 million tonna barabar bolupdy.

Tatar resmileri mundan öňki eden çykyşlarynda şu ýyl galla hasylynyň 1 million tonna barabar boljakdygyny habar beripdiler. Emma bu barada ýaýradylan soňky maglumat hasylyň garaşylşyndan hem az boljakdygyny görkezdi.

2008-nji ýylda Tatarystanda ýygnalan galla hasylynyň möçberi 6.2 million tonna barabar bolupdy.

Şol bir wagtyň özünde Orsýetde dowam edýän gurakçylyk premýer-ministr Wladimir Putini hem bu ugurda çäre görmäge mejbur etdi.
Ol 15-nji Awgustdan başlap Orsýetiň galla eksportynyň togtadyljakdygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG