Sepleriň elýeterliligi

“Türkmengurluşyk”


“Türkmengurluşyk -2009” sergisinde “Ak Tam” türkmen kompaniýasynyň burçy, 22-nji awgust, 2009-njy ýyl

“Türkmengurluşyk -2009” sergisinde “Ak Tam” türkmen kompaniýasynyň burçy, 22-nji awgust, 2009-njy ýyl

Türkmenistan gurluşyk pudagyna degişli çäreleri güýçlendirýär. Bu barada 9-njy awgustda Türkmenistanyň hökümet maslahaty geçirildi.

20-22-nji awgustda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda “Türkmengurluşyk-2010” atly halkara sergi we “Turkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly ylmy konferensiýa geçiriler.

Bu halkara çäresini gurnaýjylar: Türkmenistanyň Gurluşyk we Gurluşyk materiallary ministrlikleri, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni hem-de Türkmenistanyň söwda-senagat palatasy.

Serginiň tehniki operatory Germaniýanyň “Negus messe service Gmbh” kompaniýasy. Serginiň we konferensiýanyň baş hemaýatkäri Orsýetiň inženerlik gurluşyklary we kommunikasiýalary proýektirlemek boýunça “Mosinžproýekt” döwlet instituty.

Türkmenistanda gurluşyga degişli geçirilýän forumlara halkara kompaniýlary tarapyndan uly gyzyklanmanyň bildirilýänligini “Türkmengurluşyk- 2010” halkara sergisiniň proýektiniň ýolbaşçylaryndan Irina Dmitriýewa Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Irina Dmitriýewanyň sözlerine görä, ýurtda alnyp barylýan giň möçberli gurluşyklar we amala aşyrylýan iri proýektler halkara kompaniýlarynyň Türkmenistanyň gurluşyk bazarynda ornaşmak islegine esasy sebäp bolýar.

2-nji awgustda geçirilen hökümet maslahatynda yglan edilen sanlara görä, 2010-njy ýylyň ýedi aýynyň dowamynda gurluşygyň ýurduň umumy içerki önümçiligindäki paýy 161%-den aşdy.

2010-2011-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda 23 milliard dollardan hem artyk maliýe serişdeleriniň özleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu barada şu ýylyň başynda resmi derejede yglan edildi.

Turkmen gurluşykçylarynyň orny

“Türkmengurluşyk-2010” halkara sergisine gatnaşmak üçin hasaba alnan kompaniýlaryň arasynda türkiýeli, orsýetli, fransiýaly, germaniýaly, gresiýaly, eýranly, awstriýaly, italiýaly, britaniýaly, hytaýly, finlýandiýaly, şeýle-de gazagystanly hem özbegistanly kompaniýalar bar.

Serginiň resmi internet saýtynda çap edilen sanawa görä, Türkmenistan tarapyndan gatnaşýanlaryň arasynda “Türkmen mahabat”, “Arwana” we “Halal ýol” ýaly türkmen kompaniýalarynyň atlary hem agzalýar.

“Türkmengurluşyk 2010” sergisine gatnaşjaklaryň arasynda “Komatsu”, “Aziýa hyzmatdaş Wolwo”, “Uraltrak”, “Zeppelin” ýaly Türkmenistanda işleýän daşary ýurt kärhanalary hem bar.

Serginiň internet saýtynyň maglumatynda Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda hususy sektoryň paýynyň, ýagny türkmen gurluşykçylarynyň sanynyň gitdigiçe ösýänligi bellenilýär.

Maglumatda Aşgabadyň günbatarynda we Abadan şäherinde 15 sany köp gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy boýunça “Ak tam”, “Doganlar” we “Ajaýyp bina” kompaniýalary bilen şertnamalaryň baglaşylanlygy hem habar berilýär.

“Türkmengurluşyk” sergisiniň guramaçylaryndan Irina Dmitriýewa türkmen kärhanalarynyň Aşgbatda geçirilýän halkara konferensiýalaryna gatnaşýanlygyny, emma, adatça, sanawa iň soňky pursatda goşulýanlygyny habar berdi.

Türkmenistanda hususy eýeçilik sektorynyň ösüşine uly üns berilýänligi ýurduň Gurluşyk ministrliginiň resmi maglumatlarynda hem bellenilýär. Emma türkmen gurluşykçylary tarapyndan alnyp barylýan proýektlere degişli sanlar görkezilmeýär.

Ýurtda alnyp barylýan iri proýektleriň daşary ýurt kompaniýlaryna tabşyrylmagy dowam edýär. Hususan-da, onlarça million dollarlyk iri proýektleriň ençemesi şu ýylyň başynda şertnama baglaşan Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasyna tabşyryldy.

“Polimeks” 2011-nji ýyla çenli Aşgabatda medeniýet we dynç alyş merkezini, Konstitusiýa monumentini, Harby instituty we ýene birnäçe harby edara jaýlaryny gurar, şeýle-de Bitaraplyk diňini göçürer, täze hökümet tribunasyny gurar.

“Polimeks” 14-nji iýulda türkmen hökümetiniň garamagyna teklip eden proýektleriniň çäginde howany görkezýän termometr monumenti ýaly özboluşly obýektleri hem gurmak islegini mälim etdi.

Halk üçin bähbitli obýektler

Prezident G.Berdimuhamedow önümçilik we tehniki pudaklarda gurulýan desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryny ýatyrmagyň ileri tutulýan ugur boljagyny yglan edipdi. Ýaşaýyş jaý gurluşygy hem hökümetiň üns merkezinde.

9-njy awgustda gurluşyk boýunça geçirilen maslahatda, hususan-da Aşgabatdaky köp etažly jaýlary bejermek we jaýlaryň ýykylmagy göz öňünde tutulýan adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygyny tizleşdirmek tabşyrygy berildi.

Jaý meselesi halk üçin iň möhüm zerurlyk hasaplanýar. Emma ýurtda gurluşyk pudagynda milliardlarça dollarlyk pul sarp edilýärkä, ilatyň jaý üpjünçiligi meselesiniň çözülmän galýanlygyny Türkmenistanyň ýaşaýjylary gürrüň berýärler.

Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy Nurgeldiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ýaşaýyş jaýlary Türkmenbaşyda we Balkanabatda gurulýar, “emma gurulýan jaýlar halal zähmedi bilen gün görýän adamlar üçin satyn alardan has gymmat”.

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew ýurtda raýatlaryň jaý edinmek mümkinçiligine juda pes baha berýär. Onuň sözlerine görä, şäher gurluşygy sebäpli hususy eýeçilikdäki jaýlary ýykylan we indi ýykyljak raýatlar üçin jaýsyz galmak howpy hem dowam edýär.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanda ýaşaýyş jaý gurluşygy ýokary oňaýlykly gymmatbaha jaýlaryň gurulmagyna gönükdirilýär. Şu aýyň başynda Aşgabatda umumy bahasy ýarym milliard dollarlyk sosial-durmuş maksatly jaýlaryň gurluşygynyň başlananlygy türkmen metbugatynda aýdyldy.

Ýakynda çap edilen Türkmenistanyň döwlet mediasynyň maglumatlarynda täze guruljak binalaryň aýratynlygy hökmünde olarda bir otagly jaýlaryň düýpden bolmajakdygy aýdyldy.

Türkmenitanyň gurluşyk syýastynda Awaza syýahat zonasy hem esasy orunlaryň birini eýeleýär. 6-8-nji sentýabrda Awaza milli syýahat zonasynda birinji halkara konferensiýasy geçiriler.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG