Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Pakistana goldawyny artdyrar


Pakistanyň Sukkur regionynda, 9-njy awgust 2010-njy ýyl.
Pakistanyň Sukkur regionynda, 9-njy awgust 2010-njy ýyl.

Birleşen Milletler Guramasy silden agyr zyýana uçran Pakistana ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi üçin şu gün halkara jemgyýetçiligine ýüz tutmakçy.

Bu guramanyň çaklamagy boýunça, Pakistanyň taryhynda iň güýçli sil hasaplanýan bu pajygda ölenleriň sany 1,600 çemesi. Ondan umuman zyýana uçranlar hem 14 million adam. Bularyň alty milliony çagalar. Çaklanyşyna görä, 290 müň öý dargap, iki million adam öýsüz-öwzarsyz galypdyr.

Gaty köp kömek gerek

BMG-niň Baş sekretarynyň Pakistana kömek üçin ýörite bellenen wekili Jean-Mauris Ripert gaty köp kömegiň gerekdigini aýtdy: “Biz bu regionyň agyr zyýana uçrandygyny bilýäris. Ýagdaý şeýle kyn welin, gyssagly gumanitar kömek üçin 100 millionlarça, infrastrukturany täzeden dikeldip, regiony gaýtadan ýaşar ýaly etmek üçin hem milliardlarça dollar pul gerek”.

Hwazakela, Pakistan, 9-njy awgust
Birleşen Milletler Guramasy berilýän kömegi ilkinji nobatda häzir gumanitar kömege gyssagly mätäçlik çekýän alty million adama ýetirjekdigini bildirdi.10-njy awgustda Amerikanyň Bileşen Ştatlary kömek diýip ozal wada eden pulunyň üstüne ýene 20 million dollar goşup, ony 55 milliona ýetirjekdigini aýtdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň Döwlet Departmentiniň çet ýurtlardaky betbagtçylyklara goldaw edarasynyň ýerine ýetiriji direktory Mark Ward özleriniň ýerli guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýändiklerini hem bildirdi.

“Biziň bu goşmaça pul bilen etjek işimiz siliň günorta tarap süýşüşi ýaly, günorta süýşmek. Biz täze guramalar we goldaýan öňki guramalarymyz bilen alyp barýan işlerimizi giňeltmekçi. Maksat günorta tarap süýşýän sil bilen olaryň hem, şony yzarlap, günorta tarap süýşmegini üpjün etmek” diýip, Ward aýtdy.

Gorky bar

Sil birnäçe hepde mundan ozal Pakistanyň demirgazyk-günbatar regionynda başlady, soň hem günorta tarap syrygyp, merkezi Penjap welaýatynyň üsti bilen günorta Sindh welaýatyna ýetdi.

Yslamabat özüniň bu betbagtçylyga hötde gelip bilmejekdigini bildirensoň, käbir adamlar Talyban we beýleki söweşiji toparlar bilen iletşikli yslamçy haýyr-yhsan guramalarynyň ara goşularyndan gorky edip ugradylar.

Sişenbe güni pakistan Talybanynyň sözçüsi: “Gerek goldawy Talybanyň özi maliýeleşdirip biler” diýip, hökümeti Günbatardan kömek almazlyga çagyrdy. Ol şeýle hem habar gulluklaryna: “Bu pullary ýerli parahor işgärleriň özleri ogurlar” diýdi.

Sişenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli resmisi Dan Feldman Waşingtonyň puly kimlere berýänligi, haýsy ýerli guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýänligi barada gaty ätiýaçly hereket edýändigini aýtdy.

Feldman: “Biz yslamçy, ekstermistik haýyr-yhsan guramalarynyň sil krizisine ýek-tük goşulanyny gördük. Ýöne bu iňkis ediner ýaly bir uly zat däl. Biz öz maliýe kömegimizi ynamdar guramalaryň üsti bilen ýetirmek barada ýene elden gelenini ederis” diýdi.
XS
SM
MD
LG