Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde henizem ýüzlerçe ýangyn ojaklary bar


Şu gün Orsýetiň hökümeti ýurduň ýangyn söndürijileriniň merkezi regionlarda dowam edýän tokaý ýangynlarynyň ýarsyna golaýyny söndürendiklerini, emma, muňa garamazdan, henizem ýüzlerçe ýangyn ojaklarynyň bardygyny habar berdi.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi şu günki gün 93 müň gektara golaý ýerde ýangynyň dowam edýändigini aýtdy. Bir gün mundan öň ýangynyň territoriýasy 174 müň gektardan hem gowrakdy.

Soňky günler Orsýetiň habar serişdelerinde häkimiýetleriň ýangyna garşy göreş çärelerine nägilelik bildiriji köpsanly tankydy we gahar-gazaply seslenmeler peýda boldy.

Bu wakalaryň fonunda hepdäniň sişenbe güni ýurduň premýer-ministri Wladimir Putiniň hut özi ýangynlaryň iň bir güýçli regionlaryndan birinde ýangyn söndüriji uçara münüp, tokaý ýangynlaryny söndürmek çärelerine gatnaşdy.

Şu hepdäniň başynda bolsa, Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew hem tokaý ýangynlarynda öýleri ýanan adamlara ýardam hökmünde öz şahsy pulundan 12 müň dollar bagyş etdi.

Orsýetde indi üç hepdä golaý wagt bäri dowam edýän bu tokaý ýangynlary bu ýurduň taryhynda iň uly gerimdäki ýangyn hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG