Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Liwanyň ozalky lideri Haririniň öldürilmegini derňeýär


Şu gün Liwanyň ozalky premýer-ministri Rafik Haririniň janyna kast edilip öldürilmegi bilen bagly waka boýunça derňew alyp barýan Birleşen Milletler Guramasynyň derňew topary Liwanyň Hizbulla toparynyň bu wakada Ysraýyla bildiren aýyplamalary boýunça subutnamalaryň berilmegini talap etdi.

Ýakynda Liwanyň Hizbulla toparynyň lideri Hassan Nastrallah 2005-nji ýylda Rafik Haririniň janyna edilip amala aşyrylan hüjümiň Ysraýyl tarapyndan gurnalandygyna esaslaryň bardygyny aýdyp, çykyş edipdi.

BMG-niň halkara tribunalynyň sülçüsi şu gün Hizbulla toparynyň lideriniň bu barada bar bolan ähli subutnamalary özlerine bermelidigini aýdyp, çykyş etdi. Şeýle hem, ol bu ugurda bar bolan degerli delilleriň hökman üns merkezine alynjakdygyny belledi.

Ysraýyl öz gezeginde Hizbulla toparynyň lideriniň bu ugurdaky aýyplamalaryny ret etdi.
XS
SM
MD
LG