Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky Talyban Günbataryň ýardamyny ret etmäge çagyrýar


Şu gün Pakistandaky talyp söweşijileri ýurduň hökümetini sil heläkçilikleri bilen bagly Günbatar ýurtlaryň berýän gumanitar ýardamlaryndan ýüz öwürmeklige çagyrdylar.

Talyp toparynyň metbugat sekretary Azam Taryk bu barada ýaýradan resmi beýanatynda Birleşen Ştatlar we käbir beýleki ýurtlar tarapyndan berilýän gumanitar ýardamlaryň Pakistanyň Günbatara bolan garaşlylygyny artdyrjakdygyny, şeýle hem ol ýardamlaryň barybir korrumpirlenen çinownikler tarapyndan paýlaşyljakdygyny öňe sürüpdir.

Şeýle hem, bu beýanatda sil heläkçiliginden ejir çeken raýatlar üçin talyp toparynyň Pakistanyň hökümetine 20 million dollar ýardam bermäge taýýardygy bellenipdir.

Pakistanyň hökümet resmileri indi iki hepdeden gowrak wagt bäri dowam edýän sil heläkçiliklerinde 1 müň 600-den gowrak adamyň ölendigini we 14 mllion töweregi adamyň öz ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur bolandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG