Sepleriň elýeterliligi

Plastiki operasiýalary başdan geçirenlerde wirus tapyldy


Şu gün britaniýaly we hindistanly alymlar plastiki operasiýalary başdan geçiren adamlarda antibiotik dermanlaryň islendik bir görnüşine garşy durup bilýän täze bir wirusyň anyklanandygy barada maglumat ýaýratdylar.

Medisina alymlary bu täze anyklanan wirusyň Günorta Aziýadan başlap tutuş Ýewropa çenli ýaýramak howpunyň bardygyny aýdýarlar.

Spesialistleriň aýtmaklaryna görä, «NDM-1» diýlip at berlen bu täze wirus jandarlaryň dürli görnüşlerine geçmäge we iň bir güýçli antibiotik dermanlara-da garşy durmaga ukyply.

Kardiff uniwersiteti bilen Madras uniwersitetiniň bilelikde geçiren bu barlaglarynda «NDM-1» wirusy häzirki wagt Hindistanda, Bangladeşde, Pakistanda we Britaniýada tapylypdyr.

Britaniýanyň bu raýatlaryndan käbirleriniň ýakynda Hindistanda we Pakistanda özlerine kosmetiki operasiýa etdirdip gelen adamlardyklary aýdylýar.

Britaniýanyň «The Lancet» atly medisina žurnalyndan çap edilen bu baradaky makalada «NDM-1» wirusynyň global derejede ýaýramak howpunyň bardygy hem bellenipdir.
XS
SM
MD
LG