Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gözel Şagulyýewanyň ýubileýi bellenildi


Gözel Şagulyýewa özüniň ýublieý dabarasynda
Gözel Şagulyýewa özüniň ýublieý dabarasynda

11-nji awgustda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli paýtagtyň «Türkmenistan» kinokonsert zalynda dabara geçirildi.

Şagulyýewanyň ýubileý dabarasyna hökümet agzalary, iri jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, şahyryň köp sanly şägirtleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda şahyryň «Sen ak atda, sen gyr atda, ganatda» atly edebi çykyşy we wideofilm tomaşaçylara hödürlenildi. Wideofilmde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak atda gezim edip ýören pursatlary beýan edilýär.

Altyn asyryň hem, Galkynyşyň hem şahyry

Şagulyýewanyň 70 ýaş ýubileýiniň döwlet derejesinde dabaraly bellenilmegi şahyra hut Türkmenistanyň prezidentiniň üns bermegi bilen baglydyr. Dabaranyň bir gün öňünden Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gözel Şagulyýewa gutlag hatyny iberdi. Prezidentiň gutlagy ýurduň telewideniýesinde okaldy, metbugatda çap edildi.

«Size garaşsyz, hemişelik bitarap Türkmenistanyň edebiýat äleminde türkmeniň görnükli şahyr zenany, milli şygryýetimiziň, edebiýatymyzyň ösmegi ugrunda uly işleri bitiren halypa hökmünde belent hormat goýýarys» diýlip, prezidentiň gutlagynda aýdylýar.

Şagulyýewa ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem uly hormat goýýardy. Mundan on ýyl ozal şahyryň 60 ýaşynyň toýuna Nyýazowyň hut özi hem gatnaşypdy. Şonda Nyýazow Şagulyýewanyň ýubileý dabarasyna baran ähli zenanlara prezidentiň altyn zynjyryny sowgat edipdi.

Özüniň 60 ýaş ýubileý toýunda Şagulyýewanyň Nyýazowa bakyp, «Beýik Serdar, senden soň gitmeli bolmaly. Ilki biz öleli» diýen sözlerini şu günler köpler sitata edýärler.

Ýetmiş ýaşy arka atan Gözel Şagulyýewa, ideologiýanyň üýtgändigine garamazdan, ýene-de ýolbaşçylaryň ünsünden düşmeýär. Ýubileýiniň öň ýanynda şahyryň «Ak gülleriň — ak ýolum» atly eserler ýygyndysy dokuz müň nusgalykda neşir edildi.

Näme üçin diňe Şagulyýewa?


Ýurtda birnäçe ýazyjylardyr şahyrlaryň bardygyna garamazdan, Gözel Şagulyýewa Galkynyş eýýamy diýlen ideologiýanyň dowam edýän döwründe şu wagta çenli döwlet derejesinde ýubileýi bellenilen hem-de eserler ýygyndysy köp tiražda neşir edilen ýeke-täk şahyrdyr. Ideologiýanyň türkmen edebiýatynyň halypasy hökmünde Gözel Şagulyýewany saýlap almagynda özüne ýeterlik sebäpler bar.

Soňky ýigrimi ýylyň dowamynda Saparmyrat Nyýazowyň «gara sanawyna» düşen ýazyjy-şahyrlar Täze Galkynyş ideologiýasynda reabilitirlenmedi. «Gara sanawa» düşmedik ýazyjylaryň ýarysy aradan çykdylar, galan ýarysy bolsa sahnadan düşürildiler.

Nyýazowyň edebiýaty gysyp saklamagynyň netijesinde, täze nesliň içinde Gurbannazar Ezizow, Kerim Gurbannepesow ýaly göze ilýän ýazyjy-şahyrlar hem döremedi.

Ýerli intelligensiýanyň pikiriçe, her döwrüň öňe sürýän ýazyjysy bolýar, her ideologiýanyň öňe çykarýan şahyry bolýar. Islendik ideologiýada haýsydyr bir ýazyjy-şahyryň ideallaşdyrylmagy üçin, onuň baý biografiýasynyň bolmagy, şol ideologiýa wepaly bolmagy zerur. Hut şonuň üçin Gözel Şagulyýewa hem Galkynyş eýýamy diýlen ideologiýanyň öňe çykaran şahyry bolup galdy.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG