Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Aşgabat bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga taýýar


ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Ýewraziýa eneriýasy boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Ýewraziýa eneriýasy boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Ýewraziýa eneriýasy boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar 2-nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Morningstar öňden däp bolup gelýän gatnaşyklary, ozaly bilen nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ABŞ-nyň gyzyklanýandygyny aýtdy.

Türkmen lideri Gurbanguly Berdimuhamedow energiýa resurslaryny dünýä bazaryna çykarmak boýunça gelip gowuşýan konstruktiw tekliplere seretmäge taýýardygyny mälim etdi diýip, türkmen metbugaty ýazdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýörite wekili Riçard Morningstar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Nebit-gaz we mineral resurslar ministrliginde, “Türkmegaz” döwlet konserninde gepleşikler geçirdi.

Riçard Morningstar Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Halmyrat Gylyçdurdyýewe beren interwýusynda Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşygynyň we beýleki döwlet edaralarynda geçiren gepleşikleriniň peýdaly bolandygyny belledi.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin sag tarapdaky audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG