Sepleriň elýeterliligi

Patyşalar, serdarlar, hanlar, ýolbaşçylar… Olar dirikäler hiç bir zatdan çekinmeýärler. Sebäbi dirilikde olaryň daşynyň goragy bar. Olaryň daşynyň galasy bar.

Patyşalary, hanlary, serdarlary, ýolbaşçylary gorap duran eli ýaragly adamlaryň goragyndan geçip, hiç kim hökmürowanlaryň galasyna, ýanyna girip bilmeýär. Olar şuňa hem arkaýyn bolýarlar.

«Patyşalar, hanlar, serdarlar, ýolbaşçylar… dirikä hiç bir zatdan çekinmeýärler» diýsegem diýdik welin, bir ünji dirikä-de olaryň böwrüne sanjy bolup durýar. Olaryň köpüsi ölümlerinden soňky günleriniň nähili boljagynyň aladasy bilen ýaşaýarlar.

Ölümden soň başlanýar

«Ýogalan adam üçin ölümden soň hem gün bolarmy. Ýogaldygy — onuň gutardygydyr-da» diýip, pikir etjekleriň-de bolmagy mümkin.

Patyşalar, hanlar üçin hakyky kynçylyk hut ölenden soň başlanýar. (Halky horlaýanlaryň gürrüňi edilýär). Dirilikde olardan ar alyp bilmedik halk olardan ýogalansoň ar alýar. Taryhy maglumatlar näçe dörülse-de, çen bilen käbir çaklamalar ýazylýan-da bolsa, hiç kim hiç bir zalym patyşanyň mazarynyň niredeligini aýdyp bilmez. Sebäbi zalym patyşalar, hanlar jaýlanandan soň olaryň nirede jaýlananlygy bilinmez ýaly, olaryň yzy ýok edilýär. Olaryň jaýlanan ýerleri halkdan gizlin saklanýar.

Taryhy kitaplarda ýazylyşyna görä, mongol hany Çingiz hanyň jaýlanyş dabarasyna gatnaşanlaryň barysy öldürilýär. Ýene bir çingizçi han Mengunyň jaýlanyşyna şaýat bolanlaryň 20 müňüsi öldürilipdir. Sebäbi halk olaryň nirede jaýlananyny bilmeli däl. Eger halk olaryň nirede jaýlananyny bilse, jaýlanan ýerinden gazyp alyp, onuň işini görjegine zalym hanlaryň özlerem, onuň ýakyn garyndaşlary hem düşünipdir. Şonuň üçin hanlaryň, patyşalaryň jesedini bukmak gara görgi bolupdyr. Olary daglaryň gowaklarynda, hiç kimiň baryp bilmejek uçutlarynyň gizlin ýerlerinde bukupdyrlar.

Müsür piramidalarynyň müsür patyşalarynyň jesetleriniň bukulan ýeriligini taryhdan biz bilýäris.

Sowet ýyllarynda...

Sowet hökümetiniň gurlan ýyllarynda kolhoz başlyklary hem-de oba şurasynyň ýolbaşçylary köp adamlary tutuşmakda, ýanamakda sowet hökümetine goltgy beripdirler. Şol başlyklar, oba şurasynyň ýolbaşçylary ýogalanda, jaýlanansoň, halk olary gijelerine mazaryny gazyp, jaýlanan ýerinden ýokaryk çykaryp goýar ekenler. «Halky horlany üçin ony ýer kabul edenok» diýen habary ýaýradar ekenler. Ýaşuly adamlaryň gürrüň bermeklerine görä, käbir başlyklaryň iki-üç sapar gaýtadan jaýlanandan soň hem daşyna çykarylyp goýlan gezekleri bolupdyr.

Arap basybalyjylary özleriniň jesedinden ýerli halkyň ar aljagyna düşünipdirler. Şonuň üçin olar öz ýogalýan ýolbaşçylarynyň mazarlarynyň daşyna gümmez galdyryp, ol ýerini keramatly ýer hökmünde halky ynandyrypdyrlar. Türkmenistanyň territoriýasynda keramatly ýer hökmünde çokunylýan mazar gümmezleriniň haýsy biriniň ýazgysyny okasaň, olaryň araplardygyny bilip bolýar.

Türkmenler mazarynyň daşyna gümmez gurmaýarlar hem-de olar hiç wagt adama çokunmaýarlar. Türkmenler mazarlaryň çalt ýitip gidenini gowy görýärler. Adama çokunmagy musulman dini hem gadagan edýär. Ýöne asyrlaryň geçmegi bilen, derdine em tapmadyk halk medisinasynyň hem ýok wagtynda her bir zatdan haraý islemek bilen, köne gümmezlere çokunmagy, aýlanmagy däp edinipdir. Bu däpleri şu günlerde hem köp adam berjaý edýär.

Häzir...

Türkmenlerde mazarynyň üstüne gümmez galdyrdan ilkinji adam Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowdyr. Saparmyrat Nyýazow özüniň ýogalandan soň ýatjak bu ýerini ölmezinden has öň gümmez bilen bezäp goýdy.

Nyýazow özüniň pygamberdigi, öz jaýlanýan ýeriniň hem soňy bilen türkmen halky üçin Käbe bolmalydygy hakda gazetlere ençeme makalalar ýazdyryp, halky ynandyrandyryn öýden-de bolsa, halk onuň aramgähine çokunmaga-da barmaýar, onuň ýatan ýerini Käbe öýi hem hasaplamaýar.

Aslynda Saparmyrat Nyýazow örän köp adamlary öýsüz goýdy, günäsiz adamlary türmä basdy, ençemesini ýurtdan kowdurdy. Nyýazowyň yzyny dowam edýän hökümediň goldawy bilen häzir onuň jaýlanan ýeri esgerler bilen pugta goralýar, golaýyna aňsatlyk bilen adam eltilmeýär.

Halkyna kast edýän “patyşalaryň” soňy ine, şeýle bolýar.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG