Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň oba hojalygynyň ýagdaýyna syn


10-njy awgustda Türkmenistanyň ýolbaşçylary şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda oba hojalyk pudagynda edilen işler we bu pudaga degişli beýleki meseleler barada maslahat etdiler.

Maslahata hökümet ýolbaşçylary, agrosenagat kompleksine degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Geçirilen maslahatda ýurduň oba hojalygynyň geljekki ösüşine degişli meseleler barada gürrüň edilip, öňde goýlan maksatlaryň durmuşa geçirilişine syn edildi.

Maslahatda ýurtda oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň durnukly artýandygy bellendi. Şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda edilen işler barada hasabat bilen çykyş eden oba-hojalyk ministri O.Gurbannazarow agzalýan ösüşi obada amala aşyrylýan reformalar bilen baglanyşdyrdy.

Resmi maglumatlara görä, tohumçylyk meselesine, ýagny tohumlary saýlap-seçmek we hilini gowulandyrmak, gallanyň, pagtanyň we beýleki ösümlikleriň täze görnüşlerini ornaşdyrmak, şeýle-de ýokary hünärli kadrlary taýýarlamak meseleleri boýunça hem hasabat berildi, emma takyk maglumatlar we sanlar görkezilmedi.

Ýakynda Türkmenistanyň oba hojalygyndaky ösüşiň 108%-den aşanlygy habar berildi. Emma oba hojalyk pudagynyň görkezijisiniň haýsy ugurlardan bolan ösüşiň hasabyna düzülýänligi we inflýasiýa bilen näderejede baglydygynyň näbelli bolup galýar. Bu barada resmi maglumatlarda jikme-jik sanlar berilmeýär.

Tankydy bellikler

10-njy awgustda geçirilen maslahatda oba hojalygyna degişli käbir tankydy bellikler hem öňe sürüldi. Ýokary gözegçilik edarasynyň geçiren derňewleri netijesinde “Türkmengallaönümleri” döwlet assosiasiýasynyň desgalarynda we täze gurulýan elewatorlarda kemçilikleriň tapylanlygy habar berildi.

“Türkmengallaönümleri” döwlet assosiasiýasynyň desgalarynyň gurluşygynyň möhletine we hiline degişli mesele gözegçilik astyna alyndy. Assosiasiýa täze elewatorlary Daşoguz, Ahal, Mary welaýatlarynyň etraplarynda awgust aýynyň ahyrynda işe girizmegi planlaşdyrýar.

Türkmen hökümetiniň oba hojalygy boýunça öňki geňeşçisi Wladimir Ýerofeýew soňky döwürde Türkmenistanyň oba hojalygyndaky ýagdaýa degişli käbir resmi tankytlaryň ýaňlanmagyny häkimiýetleriň bu pudaga ünsi güýçlendirmeginiň alamaty hökmünde baha berýär.

W.Ýerofeýewiň pikirine görä, ýurduň ýapyklygy we daşarky bazarlarlardan üzňeligi bilen bagly dowam edýän şertlerde ilatyň azyk üpjünçilik problemasy oba hojalygynyň ähmiýetini hasam güýçlendirýär. “Şeýlelikde bu pudak ilatyň, döwletiň howpsuzlygyny üpjün edýän strategik ugry bolup durýar”.

Oba hojalygynyň Türkmenistanyň strategik pudagy bolup durýandygyny ýurduň döwlet ýolbaşçylary öz çykyşlarynda yzygiderli nygtap gelýärler. Türkmenistanyň oba hojalyk boýunça täze milli syýasaty 2009-njy ýylyň Ýaşulular maslahatynda ýurduň prezidenti tarapyndan yglan edilipdi.

Halkyň sesi...

2007-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda oba hojalygyna degişli ençeme kanunlar kabul edildi. Olaryň arasynda tohumçylyk, daýhan hojalygy, daýhan birleşikleri, arçynlar we ösümlikleriň karantini, azyk önümleriniň hili barada kanunlar bar.

Tohumçylyk, dökün üpjünçiligi we hasyl üçin daýhanlar bilen döwlet tarapyndan edilýän hasaplaşyk meselesinde şu ýylky ýagdaýyň ozalkysyndan gowulanyp, gelýän girdejiler bilen daýhanlaryň gün görmek mümkinçiliginiň ganymatlaşanlygyny käbir daýhan birleşikleriniň işgärleri gürrüň berýärler.

Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan maryly kärendeçi tehnika bilen üpjünçilik taýdan ýetmezçiligiň duýulanlygyny aýtdy, şeýle-de daýhanlaryň girdejilerinden tohum, dökün, suw, tehnika we bank çykdajylary üçin saklanýan tutumlaryň möçberiniň örän uly bolup, 50 %-e ýetýänligini gürrüň berdi.

Şeýle hem, ýerli ýolbaşçylaryň eden-etdilikleri bilen bagly wakalaryň hem seýrek däldigini ýene bir kärendeçi zenan Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Daýhan zenan şu ýyl kärendesine ýer alyp bilmän, maýyplyk boýunça pensiýasy bilen oňmaga mejbur bolýanlygyny aýtdy.

Suw meselesi

Oba hojalyk boýunça maslahatda ýer-önümçilik medeniýetini galdyrmak, oba hojalyk önümlerini topragyň we howanyň aýratynlyklary esasynda öndürmekde ylmy taýdan delillendirilen usullary ulanmak, suw resurslaryny rasional peýdalanmak ýaly meseleleriň ähmiýeti hem nygtaldy.

Suw meselesi Türkmenistanyň oba hojalygynyň iň ähmiýetli tarapy bolup durýar. Türkmen hökümetiniň oba hojalygy boýunça öňki geňeşçisi Wladimir Ýerofeýewiň sözlerine görä, Türkmenistanyň ekin meýdanlarynyň esasy bölegi suwa garaşly ýer önümçiligine degişli bolansoň, hasyl suwa bagly bolýar.

“Oba hojalygynda ösüşiň emele gelmegi üçin oba ýaşaýjylarynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak, könelen infrastruktura obýektlerini, hususan-da ýollary, elektrik togy bilen üpjün edýän obýektleri bejermek we täzelemek hem zerur” diýip, oba hojalygy boýunça bilermen W.Ýerofeýew aýdýar.

2008-2012-nji ýyllar aralygynda obany ösdürmek boýunça dört milliard dollarlyk milli programma hem kabul edilipdi. W.Ýerofeýew bu ugurdan yglan edilýän planlarynyň netije bermegi üçin maliýe serişdeleriniň sarp edilişine hem berk gözegçilik edilmeginiň zerurlygyny belledi.
XS
SM
MD
LG