Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Usame bin Ladeniň aşpezine 14 ýyl berildi


ABŞ-nyň Harby tribunaly düýnki geçiren sud diňlenşiginde Al-Kaýda toparynyň ýolbaşçysy Usame bin Ladeniň aşpezini 14 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Emma asly Sudandan bolan Ibrahim Al Kodsiniň, mazmuny halk köpçüligine aýan edilmedik ylalaşyk sebäpli, berlen möhletinden has öň azat edilmegine garaşylýar.

Al Kodsi Guantanamoda ýerleşýän jenaýat sudunda geçen aý geçirilen diňlenşikde özüne ýöňkelýän aýyplamalary kabul edipdi. Ol Al-Kaýda bilen dildüwşük edenlikde we terrorizme goldaw berenlikde aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG