Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Abhaziýa “S-300 kysymly raketalary ýerleşdirýär”


Orsýetiň Harby-howa güýçleriniň ýolbaşçysy çarşenbe güni eden çykyşynda howadan goranyş üçin niýetlenen S-300 kysymly raketalaryň Abhaziýada ýerleşdirilenligini aýtdy.

General Aleksandr Zeliniň aýtmagyna görä, bu raketalary dolandyrýan esgerler Orsýetiň goranyş sistemasyna görä hereket ederler, bu raketalar Abhaziýa we Günorta Osetiýany goramagy maksat edinýär.

General Zelin harby-howa sistemalarynyň Günorta Osetiýada hem ýerleşdirilenligini mälim etdi.

Gürjüstanyň daşary işler ministriniň orunbasary Deýwid Djalagoniýa düýnki eden çykyşynda Moskwanyň bu hereketini ýazgaryp, şeýle diýdi: “Biz juda howply we döwrebap diýlip hasaplanýan S-300 kysymly raketalaryň Abhaziýa ýerleşdirilmegine dünýäni üns bermäge çagyrýarys”.

Abhaziýa we Günorta Osetiýany öz territoriýasynyň aýrylmaz bölegi diýip hasaplaýan Gürjüstan raketalar baradaky habaryň özüni alada goýýanlygyny aýdýar.

Orsýet 2008-nji ýylda Gürjüstan bilen aralarynda bolan çaknyşykdan soň şol regionlaryň özbaşdaklygyny ykrar edýänligini yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG