Sepleriň elýeterliligi

BMG Pakistana ýardam ýygnamaga synanyşýar


Yzygiderli ýagyş zerarly sil betbagtçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolup duran Pakistana berilmeli deslapky ýardam üçin BMG 460 million dollaryň jemlenmegine çagyryş edýär.

BMG-niň Ynsanperwerlik boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Jon Holmez bu betbagtçylykdan ejir çeken 7 million töweregi ilata gyssagly ýagdaýda ýardamyň zerurdygyny nygtady. Bu çagyryşdan öň BMG Pakistana 150 million dollarlyk ýardamyň beriljekdigini yglan edipdi.

BMG-niň Pakistandaky wekili bu siliň 6 million çaga, jemi 14 million adama zyýan ýetirenligini we olaryň azyndan ýarsynyň gaýragoýulmasyz ýardama mätäçdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG