Sepleriň elýeterliligi

Dagystanyň içeri işler ministri wezipesinden boş


Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew Dagystanyň içeri işler ministrini wezipesinden çetleştirdi.

Kreml tarapyndan çarşenbe güni giçlik ýaýradylan beýanatda aýdylmagyna görä, Dagystanyň içeri işler ministri general Ali Magomedow wezipesinden çetleşdirilip, onun ornuna palkownik Abdylreşit Magomedow getirildi.

Orsýetiň RIA Nowosti habar agentligi Dagystanyň lideri Mogamedsalam Magomedowa salgylanyp çap eden habarynda terroristik hereketler zerarly diňe şu ýylyň dowamynda respublikada 300 töweregi adamyň ejir çekendigini ýazýar.

Magomedow geçen ýyl bilen deňeşdirilende Dagystanda ýaralanan howpsuzlyk güýçleriniň işgärleriniň sanynyň hem iki esse artanlygyny, Orsýetiň regiona goşmaça harby ibermeginiň zerurdygyny belleýär.
XS
SM
MD
LG