Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda nobatdaky hökümet maslahaty geçirildi


Çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň transport, aragatnaşyk we gidrometeorologiýa pudaklaryndaky, şeýle hem käbir beýleki pudaklardaky işleriň ýagdaýlary barada maslahat edildi.

Bu maslahatda hasabat bilen çykyş edenleriň hatarynda käbir beýleki ýolbaşçylar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň demirýol transport ministri R.Seýitgulyýew, aragatnaşyk ministri O.Jumagulyýew, awtomobil transprot ministri G.Hangulyýew we Türkmenistanyň deňiz we derýa transporty boýunça Döwlet gullugynyň başlygy M.Mütdikow dagylar-da boldy.

Olar öz dolandyrýan pudaklaryndaky işleriň barşy hem-de döwlet lideriniň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada prezident Berdimuhamedowa hasabat berdiler.

Öz gezeginde prezident Berdimuhamedow bu pudak ýolbaşçylaryna işleriň hilini we görkezijilerini ýokarlandyrmak boýunça käbir täze görkezmeleri berdi.
XS
SM
MD
LG