Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly zenan öz günäsini boýun alyp çykyş etdi


Ýakynda Eýranda bikanun jynsy gatnaşykda aýyplanylyp ölüm jezasyna höküm edilen Sakineh Muhammadi Aştiani şu gün Eýranyň döwlet telewideniýesinde öz günäsini boýun alyp çykyş etdi.

Sakineh Muhammadi Aştianä ölüm jezasynyň berilmegi halkara jemgyýetçiliginde ýiti reaksiýa bilen garşy alnypdy.

Ýüzi nikap bilen örtülgi halda telewideniýede görkezilen hanym Aştiani özüniň bir tanşy bilen jynsy gatnaşyga girendigini we ol adam öz ärini öldürmegi teklip edende, oňa-da öz razylygyny berendigini boýun alyp, söz sözledi.

Ýöne azeri dilinden pars diline sözleri terjime edilen hem-de ýüzi ekranda görkezilmedik ol aýalyň hakykatdanam Sakineh Muhammadi Aştianiniň özidigini tassyklamaklyk kyn.

Onuň ýüzüniň gizlenilmeginiň oňa garşy zorlukly çäreleriň ulanylandygy bilen baglanyşykly bolmagynyň mümkindigini öňe sürýän synçylar hem bar.
XS
SM
MD
LG