Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bosniýada radikal raýatlaryň öýlerinde derňew geçirildi


Şu gün Bosniýanyň hökümet resmileri bu ýurduň düzümindäki Srpska respublikasynda yslam dininiň wahhabizm akymyna degişli hasaplanylýan radikal raýatlaryň öýlerinde polisiýa tarapyndan derňew geçirilendigini habar berdiler.

Srpska respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Mirna Soýa bu derňewleriň ýarag we partlaýyjy maddalar bardyr diýlip çaklanylýan alty sany ilatly punktda geçirilendigini aýtdy.

Ýerli habar çeşmeleri bu barlaglaryň barşynda bäş adamyň tussag astynda alnandygyny habar berdiler.
XS
SM
MD
LG