Sepleriň elýeterliligi

Neşä garşy göreş boýunça türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy uzaldylýar


Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriliginde geçirilen gol çekişlik dabarasynda ABŞ bilen Türkmenistanyň neşe serişdelerine gözegçilik we hukuk goraýyş boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi resmileşdirildi. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Iki ýurduň resmileri 2001-nji ýylyň sentýabr aýynda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda baglaşylan “Neşe serişdelerine gözegçilik we hukuk goraýyş edaralaryna ýardam bermek baradaky ylalaşyga” girizlen dördünji üýtgetmä gol çekdiler.

Türkmen hökümetiniň adyndan Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredow we ABŞ-nyň hökümetiniň adyndan ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Linn Treýsi bu resminama gol çekdiler.

Bu girizilen üýtgetme "Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin iňlis dili okuwlary" we "Türkmenistanyň neşe serişdelerine garşy göreşmek boýunça döwlet gullugynyň iş mümkinçiliklerini kämilleşdirmek" atly taslamalararyň dowam etdirilmegine gönükdirilýär diýlip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň beýanatynda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG