Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Serhet goşunlary 18 ýaşady


Türkmenistanyň serhet gullukçylary türkmen-owgan serhedinde ÝHHG tarapyndan gurnalan türgenleşik programmasyna gatnaşýarlar, 13-nji oktýabr, 2009-njy ýyl.
Türkmenistanyň serhet gullukçylary türkmen-owgan serhedinde ÝHHG tarapyndan gurnalan türgenleşik programmasyna gatnaşýarlar, 13-nji oktýabr, 2009-njy ýyl.

11-nji awgustda Türkmenistan Serhetçiler gününi belledi. Şu ýyl ýurduň milli Serhet goşunlarynyň döredilmegine 18 ýyl doldy. Häzirki wagtda türkmen serhetçileriniň öňünde ýurduň bitaraplyk syýasatyna we harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda döwletiň goragyny üpjün etmek maksady goýulýar.

Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen, serhedi goramak meselesi Türkmenistanyň öňünde dörän agyr meseleleriň biri boldy. Öň Türkmenistanyň daşarky serhetdeşleri Owganystan bilen Eýrandy. Emma SSSR-iň dargamagy netijsinde täze döwletler emele gelip, Türkmenistan bilen serhetleşýän döwletler köpeldi.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Aždar Kurtow Türkmenistanyň gury ýerde Özbegistan, Gazagystan we Hazarda Azerbaýjan bilen özara serhetleriniň her birinde aýratynlyklaryň we kynçylyklaryň bardygyna belleýär. Bularyň arasynda esasan tebigy şertler, haryt gaçakçylygy we kesgitsiz serhetler girýär.

A.Kurtowyň sözlerine görä, Türkmenistanyň Gazagystan bilen serhedi esasan howasy we tebigy şertleri agyr bolan giňişlikleriň üstünden geçýär. Özbek serhedindäki kynçylyklara bolsa haryt gaçakçylygy degişli. “Muňa Daşkent bilen Aşgabadyň sosial-ykdysady syýasatlarynyň tapawutly bolmagy sebäp bolýar”.

“Türkmenistanyň Hazardaky goňşulary bilen serhetleri henizem kesgitsizligine galýar. Bu ýagdaý serhet çaknyşyklaryň ýüze çykmak howpuny döredýär” diýip, A.Kurtow aýdýar. Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky Hazaryň hukuk statusy we ýangyç ýataklary boýunça düşünişmezlikler heniz doly çözülmedi.

Serhet goşunlarynyň güýji

Türkmenistanda Serhet goşunlaryna döwlet derejesinde üns artýar. Harbylary watanperwerlik duýgusynda terbiýelemek, goşunyň maddy-tehniki bazasyny berkitmek, serhetçileriň we olaryň maşgala agzalarynyň sosial-durmuş şertlerini gowulandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Emma ýerli synçylar, döwlet derejesinde görülýän çärelere garamazdan, Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň şu günki ukybynyň hatda sowet döwrüniň derejesine hem ýetmänligini, şol bir wagtda-da Serhet goşunlarynyň aýratyn ähmiýetli bolup durýanlygyny belleýärler.

Aşgabatly garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew goşunyň harby ukybyny güýçlendirmek üçin goşuny belli möhletli harby gullukçylaryndan däl-de professional esasda düzmek düzgüniniň ornaşdyrylmagy, ýagny şertnamalaýyn gulluk tejribesiniň girizilmegi zerur diýip, pikir edýär.

A.Baýryýewiň pikirine görä, bu çäre Serhet goşunlarynyň professional ukybyny we derejesini galdyrar, şeýle-de onlarça müň ýaş ýigitlere iş orunlaryny döredip, ýurduň agyr sosial kynçylyklaryny çözmekde hem çykalga bolup biler. Bu tejribäni ABŞ we Ýewropa geçen asyryň ikinji ýarymynda durmuşa girizipdi.

Neşe gaçakçylygy

Türkmenistanyň bitaraplyk statusyna daýanýan daşary syýasaty ýurda harby-syýasy taýdan howp abanmak mümkinçiligini aradan aýyrýar diýip, bilermenler aýdýarlar. Emma serhet gözegçiligini talap edýän beýleki howplaryň hem az däldigi bellenýär. Olaryň biri gaçakçylyk meselesi bolup durýar.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen A.Kurtowyň bellemegine görä, haryt gaçakçylygy ýurtlaryň içerki bazarlarynyň nyrh taýdan durnuklylygyna ýaramaz täsir ýetirýär. Fitosanitar gözegçiliginiň bozulmagy hem ýurtlaryň ösümlik dünýäsine we tebygatyna zyýan ýetirmäge ukyply.

Emma şu günki gün dünýäde serhet gözegçiliginiň öňünde duran iň agyr problemanyň neşe gaçakçylygydygyny belläp, A.Kurtow neşe önümçiliginiň ojagy bolan Owganystandan dünýä ýaýraýan neşe maddalarynyň esasy agramynyň goňşy döwletleriň paýyna düşýänligine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Eýran bilen bir müň, Owganystan bilen bolsa 800 kilometrden gowrak aralyk serhedi bar. Ýurduň Owganystan we Eýran bilen serhetleriniň bolsa gowşakdygy aýdylýar. Žurnalist A.Baýryýew serhetleriň gözegçiliksiz bölekleriniň az däldigini aýdyp, olaryň esasan daglyk ýerlere degişlidigini belledi.

Regional bilermen A.Kurtowyň pikirine görä, neşe gaçakçylarynyň serhetleriň gowşaklygyndan peýdalanmagyndan daşary, häkimiýet gurluşlaryndaky, şol sanda serhet goşunlaryndaky korrupsiýa hem Türkmenistanda neşe gaçakçylygynyň gülläp ösmegine sebäp bolýar.
XS
SM
MD
LG