Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Abhaziýada “raketalaryny ýerleşdirdi”


Orsýetiň Astrahan regionyndaky S-300 kysymly raketalary, 13-nji aprel, 2010-njy ýyl.

Orsýetiň Astrahan regionyndaky S-300 kysymly raketalary, 13-nji aprel, 2010-njy ýyl.

Orsýet Gürjüstandan birtaraplaýyn bölünip aýrylan region Abhaziýada howa hüjüminden goranmak uçin niýetlenen S-300 kysymly raketalary ýerleşdirendigini aýdýar.

Moskwada general Aleksandr Zelin tarapyndan mälim edilen bu göçüm Gürjüstanda alada döredip, ýurduň häkimiýetlerini aýak üstüne galdyrdy. General Zelin Orsýetiň habar gulluklaryna: “Ýerleşdirilen bu raketalar Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň topraklaryny uçarlardan gorar” diýdi.

2008-njy ýylda Gürjüstan bilen bolan birnäçe günlük uruşdan soň Moskwa bu iki regiony garaşsyz döwletler diýip, ykrar etdi. Zeliniň aýtmagyna görä, bu raketalaryň maksady diňe Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň topraklaryny goramak däl, olar bu ikisiniň howa serhetlerini bozan her bir uçary hem yzyna serpikdirer.

Gürji hökümeti aradan salym geçirmän bu göçüme reaksiýa görkezdi. Tbilisi Orsýeti basybalyjy ýurt hökmünde öz at-abraýyny hem roluny güýçlendirmek isleýänlikde aýyplady. Ýurduň premýer-ministriniň orunbasary Temur Iakobaşwili: “Orsýetiň raketa ýerleşdirmegi NATO-ny hem aladalandyrmaly” diýdi.

“Biziň elimizdäki maglumatlar Orsýetiň ýokary derejeli resmileriniň beren beýanatlaryna esaslanýar. S-300 kysymly raketalaryň ýerleşdirilmeginiň, ilkinji nobatda, fransuz prezidenti Sarkozynyň tagallasy bilen gelnen atyşyklary bes etmek ylalaşygyna tersdigine, ikinjiden hem, onuň regionda harby deňagramlylygy bozýandygyna şübhe ýok” diýip, Iakobaşwili aýtdy.

Nämäniň alamaty?

Iakobaşwili: “Bular ýaly sistemanyň ýerleşdirilmegi diňe Gürjüstanyň garşysyna gönükdirilýän zat däl. Ol Orsýetiň weýrançylykly işleriniň ýene bir alamaty bolup durýar” diýip, sözüne goşdy. Gürjüstanyň daşary işleri ministriniň orunbasary Dawid Jalagonia hem halkara arkalaşygyny bu howply we prowokatiw herekete üns bermeklige çagyrdy.

“Bu bir asla kabul edip boljak iş däl. Biz özümiz bilen hyzmatdaş ýurtlardan we halkara jemgyýetçiliginden basyp alnan territoriýalary harbylaşdyrmagy artdyrmagyň deregine, ony ýaragsyzlandyrmagy, bulary eýelemegi bes etmegi üçin Orsýete basyş görkezmeklerini soraýarys” diýip, Jalagonia aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departameniniň sözçüsi Filip Krowly “Ak Tam bu işe gowy diýip garaýarmy?” diýlen soraga “ýok” diýip jogap berdi. Ol soň hem: “Men bu habaryň anyk dogrudyny bilemok. Abhaziýada iki ýyl bäri sistemalar bar. Bular şolaryň üstüne goşulypmy ýa goşulmanmy - ony tassyklap bilemzok” diýdi.

Moskwaly harby ekspert Aleksandr Goltzyň pikiriçe, Orsýetiň bu karary gaty geň görünýär: “S-300 biziň iň uzak menzilli raketamyz. Ol bir ugurda 10-dan köp ýeri nyşana alyp, 800-900 kilometre ýetýär. Bu bir serçäni top bilen awlamak baradaky şol gadymky hekaýa. Öz bilşiňiz ýaly, men Gürjüstanyň Harby-howa güýjçleriniň 10 uçarynyň bardygyna-da doly ynanamok”.
XS
SM
MD
LG