Sepleriň elýeterliligi

Ýangyn Orsýetiň ýadro merkezine ýakynlaşdy


Orsýet Sarow etrabynda ýerleşýän esasy ýadro barlag merkeziniň golaýyna çenli baryp ýeten ýangyny söndürmäge synanyşýar.

Prezident Dimitriý Medwedew şu ýyl ýurtda emele gelen adatdan daşary yssy we gurakçylyk zerarly däne meýdanlarynyň dörtden bir böleginiň guranlygyny belledi.

Medwedew bu barada düýnki eden çykyşynda ýangyna garşy alnyp barylýan göreşde käbir üstünlikleriň gazanylanlygyny belläp, jemi 7 regionyň üçüsinde adatdan daşary ýagdaýyň ýatyrylmagyna buýruk berenligini aýtdy.

Medwedew ençeme fermanyň batmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolup duranlygyny hem belledi.

XS
SM
MD
LG