Sepleriň elýeterliligi

Amerikan harbylary Pakistana ýardam bererler


Yzygiderli ýagyş zerarly emele gelen silden ejir çekýän Pakistanda adamlary halas etmek boýunça alnyp barylýan işlere kömek etmek üçin 1,000 töweregi amerikan esgerleri düýn Karaçi şäherine bardylar.

ABŞ bu betbagtçylyk boýunça Pakistana gyssga möhletde 71 million dollar ýardam berjekdigini yglan etdi. Emma ýurduň içinde Pakistanyň hökümeti bu betbagtçylyk boýunça çalt hereket etmänlikde tankyt edilýär.

Bu sil zerarly 1,500 töweregi adam heläk bolup, 7 million töweregi adam kyn ýagdaýda galdy.

Pakistaniň prezidenti Asif Ali Zardari düýn ilkinji gezek silden ejir çeken etraplara sapar etdi.

Zardari Pakistan sil betbagtçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolup duran mahaly geçen hepde Ýewropa edýän saparyny goýbolsun edip, ýurda dolanmanlygy üçin berk tankyt edilýär.
XS
SM
MD
LG