Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň öňki premýer-ministri azat edildi


Gyrgyzystanyň öňki premýer-ministri Igor Çudinow ýurtdan çykmaga synanyşmajakdygyna wada bereninden soň düýn türmeden azat edildi.

2007-2009-njy ýyllar aralygynda, öňki prezident K.Bakyýewiň döwürinde premýer-ministr bolan Çudinow tussag edilmegi hakda höküm çykarylandan soň şu hepdäniň başynda özüni hökümete tabşyrypdy.

Oňa ýöňkelýän aýyplamalar hakda jikme-jik maglumat ýok, ýöne şol aýyplamalar Çudinowyň 2009-2010-njy ýyllar aralygynda Gyrgyzystany ösdürmek boýunça fonduň ýolbaşçysy bolan döwrüne degişli.

Çudinow öý tussaglygynda saklanar.
XS
SM
MD
LG