Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen nebiti BTJ geçirijisi arkaly Günbatara akyp başlady


“British Petroleum” kompaniýasynyň Azerbaýjandaky edarasynyň maglumatyna görä, türkmen nebiti Baku-Tbilisi-Jeýhan turbasy arkaly Günbatara akyp başlady.

Kompaniýa bu turbanyň her gün 800 müň barrel nebiti akdyrmaga ukyplydygyny we türkmen ýangyjynyň bolsa munuň 4-5%-ni emele getirýänligini habar berdi.

Bakuwly energiýa boýunça ekspert Ilham Şabanyň Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugyna beren maglumatyna görä, Türkmenistan Bakuwa iki günde bir gezek 5,000 tonna nebit getirýär.

Nebit daşaýjy gämiler arkaly getirilýän türkmen ýangyjynyň awgust aýynyň ahyrynda ýa-da sentýabr aýynyň başlarynda iki essä çykarylmagyna garaşylýar.

Geçen ýyl Türkmenistan Orsýetiň Krasnoýe kompaniýasyndan iki sany nebit daşaýjy tanker gämisini satyn alypdy. Sentýabr aýyndan öň Aşgabadyň ýene bir tanker gämisini satyn almagyna garaşylýar.

Türkmenistan ýangyç serişdeleriniň eksportyny köpugurly etmäge synanyşýar. Baku-Tbilisi-Jeýhan turbasy arkaly nebitiň eksport edilip başlanmagy Aşgabada Orsýetiň territoriýasyndan sowa Günbatara nebit eksport etmäge mümkinçilik berer.
XS
SM
MD
LG