Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň Ýadro barlag merkeziniň golaýynda ýangyn güýjeýär


Resmi maglumatlara görä, Orsýetiň Nižniý Nowgorod regionynyň Sarow şäheriniň golaýyndaky Ýadro barlag merkeziniň ýerleşýän ýerinde ýangyn güýjeýär. Bu ýerdäki ýangyny södürmek üçin müňlerçe adamyň iberilendigi aýdylýar.

Ýadro barlag merkeziniň meýdançasynda ýangynyň ýokdugy, ýöne onuň golaýyndaky goraghananyň ot alandygy habar berilýär.

Moskwada birnäçe hepde saklanan çenden aşa yssy howadan soň anna güni ilkinji gezek ýagyn ýagdy. Muňa garamazdan, ýangynlardan emele gelen tüsse ýaşaýjylaryň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýär.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi ýangynyň dowam edýän ýerleriniň meýdanynyň 15 müň gektar azalandygyny habar berdi. Ýurtda emele gelen ýangyn ojaklarynyň sanynyň bolsa 545-den 611-e çenli artandygy aýdylýar.

Maglumatlara görä, yssy howa we gurakçylyk ýurduň hasylynyň dörtden bir bölegini ýok edipdir.

Moskwanyň töwereginde dörän 30-a golaý ýangyny söndürmek üçin 14 müňe golaý ýangyn söndürijiniň göreşýändigi habar berilýär.

Bu ýangynlar 50-den gowrak adamyň ölümine sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG