Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa ykdysady ösüş boýunça ABŞ-dan öňde barýar


Resmi maglumatlara görä, ýewro zolagyna girýän 16 ýurduň ykdysady ösüşi şu ýylyň ikinji çäreginde 1% ösdi. Bu ösüşe esasan Germaniýanyň gazanan üstünlikleri sebäp boldy diýlip, hasabatda aýdylýar.

Germaniýanyň ykdysady ösüşi ýylyň ikinji çärýeginde birinji çärýek bilen deňeşdirilende 2,2% ýokarlandy.

Dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýynyň biraz gowulanmagy Germaniýanyň eksport edýän harytlaryna bolan talaby ýokarlandyrdy.

Bu görkezijiler ykdysady ösüş boýunça Ýewropa ýurtlarynyň ABŞ-dan öňde barýandygyny görkezýär.

Bu barada Germaniýanyň Ykdysadyýet ministri Raýner Bruderle şu gün Berlinde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda: “Bu görkezijiler hökümet tarapyndan görülýän çäreleriň netije berýändigine şaýatlyk edýär. Bu ösüşi entek ykdysady gudrat diýip atlandyryp bolmaz” diýdi.

Şeýle hem R.Bruderle häzir Germaniýanyň eksportynyň ösýändigini, inwestisiýa bilen bagly ýagdaýyň ýuwaş-ýuwaşdan gowulaşýandygyny belledi.

Ýewropanyň ikinji uly ýurdy hasaplanýan Fransiýanyň ykdysadyýeti 2010-njy ýylyň birinji çärýeginde 0.2% ösen bolsa, ýylyň ikiniji çäreginde 0.6% ýokarlandy.

Agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Gresiýanyň ykdysadyýetindäki yza gaýdyşlyk dowam edýär.
XS
SM
MD
LG