Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Akaýew eldegrilmezlik statusyndan mahrum edildi


Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti ýurduň birinji prezidenti Askar Akaýewiň eldegrilmezlik statusyny ýatyrdy.

A.Akaýewiň Gyrgyzystanyň öňki prezidenti diýen statusyndan hem mahrum edilendigi habar berilýär.

Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasyna A.Akaýewe garşy jenaýat işini gozgap, onuň Orsýetden getirilmegi tabşyryldy.

A.Akaýew öz halkynyň we döwletiniň bähbidine garşy hereket edenlikde aýyplanýar.

A.Akaýewiň özi bu aýyplamalary ret etdi. Ol özüniň Gyrgyzystanyň öňki prezidenti diýen statusyndan mahrum edilmegini “bikanun we Konstitusiýa çapraz gelýan hereket” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG