Sepleriň elýeterliligi

Al-Aksada metjidinde gözegçilik berkidilýär


Oraza aýynyň başlanmagy bilen 13-nji awgustdaky juma namazyna ýynananlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Iýerusalimde ýerleşýän Al-Aksa metjidine 2 müňe golaý polisiýa işgäri gözegçilik etdi.

Ysraýylyň polisiýasynyň beren maglumatlarynda dürli dinlere uýýanlaryň arasynda ýüze çykmagy ähtimal çaknyşyklaryň öňüni almak maksady bilen şeýle howpsuzlyk çäreleriniň görülýändigi aýdylýar.

Musulmanlaryň iň mukkades ýerleriniň biri hasaplanýan Al-Aksa metjidinde okalan juma namazyna onlarça müň adamyň gatnaşandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG