Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň ýolbaşçysy Ban Ki-Mun Pakistana barýar


Pakistanyň DIM-i 14-nji awgustda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Munuň ýurda sapar etjekdigini habar berdi.

15-nji awgustda Ban Ki-Mun Pakistanyň resmileri bilen duşuşyp, tebigy betbagtçylykdan soňky edilmeli işler barada gepleşik geçirer.

17-nji awgustda Pakistana ABŞ-nyň senatory Jon Kerriniň hem sapar etmegine garaşylýandygyny Pakistanyň DIM-i habar berdi.

Pakistandaky tebigy hadysadan ejir çekenleriň arasynda aşgazan, içege we deri keselleriniň ýaýraýandygy barada medisina işgärleri habar berýärler.

BMG halkara jemgyýetçiligine ýüzlenip, Pakistandaky suw joşmasyndan ejir çekýänler üçin gyssagly ýagdaýda 460 million dollara barabar serişdäniň jemlenmegine çagyryş etdi.

Anna güni ABŞ Pakistanda tiz kömegiň 15 sany merkezini açmak üçin 3 million dollar goýberýändigini mälim etdi.

Pakistanyň häkimiýetleri tebigy betbagtçylykdan ejir çekýänlere ýardam bermek işleriniň haýal geçirilendigi üçin ýiti tankytlara sezewar boldular.

Pakistanda soňky 80 ýylyň içinde ýüze çykan iň elhenç suw joşmasynda 1600-e golaý adam heläk bolup, bu betbagtçylyk azyndan 14 million adamyň güzeranyna ýaramaz täsir etdi.

Ejir çeken adamlaryň sany 20 milliona ýetip biler diýip, Pakistanyň resmileri aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG