Sepleriň elýeterliligi

Eýrandaky ýadro stansiýanyň gurluşygy tamamlandy


Orsýetiň “Rossatom” döwlet korporasiýasy Eýranyň Buşer şäherindäki ýadro elektro-stansiýasynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny mälim etdi. Bu korporasiýa stansiýanyň gurluşygyny alyp bardy.

Ýadro elektro-stansiýasynyň birinji reaktorynyň 21-nji awgustda işlediljekdigi habar berilýär.

Buşerdäki atom elektro-stansiýasynyň açylyş dabarasyna “Rossatom” korporasiýasynyň ýolbaşçysy Sergeý Kirienko bilen Eýranyň atom energiýasy boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ali Akbar Salehiniň gatnaşjakdygy aýdylýar.

Salehiniň aýtmagyna görä, sentýabr aýynyň ahyryna çenli bu atom elektro-stansiýasy doly güýjünde işläp başlamaly.

Eýranyň Buşer şäherindäki bu stansiýanyň gurluşygyny 1970-nji ýyllarda Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasy başlady. 1997-nji ýylda bu stansiýanyň gurluşygy Orsýetiň “Atom stroý eksport” kompaniýasyna geçirildi.
XS
SM
MD
LG