Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetdäki hasylsyzlyk Türkmenistana täsir ýetirermi?


Orsýetiň Vorobyevskoye Agro kolhozyndaky bugdaý meýdany, awgust, 2010-njy ýyl.
Orsýetiň Vorobyevskoye Agro kolhozyndaky bugdaý meýdany, awgust, 2010-njy ýyl.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Ýaňy-ýakynda awgust aýynyň 15-den başlap Orsýetden daşary ýurtlara gallany we galla önümlerini çykarmagy gadagan edýän karara gol çekdi.

Köpçülikleýin habar serişdeleriniň käbirinde şular ýaly çäreleriň Orsýet bilen bilelikdäki gümrük bileleşigini döreden Belarusdyr Gazagystan tarapyndanam giriziler diýlen çaklama öňe sürüldi. Bu ugurdan işleýän bilermenleriň çakyna görä, dünýä boýunça gallany köp öndürip, iri galla söwdagärlerine öwrülen bu üç döwlet öz öndürýän gallasyny daşarky bazara çykarmasyny wagtlaýynça togtatsa, dünýäniň galla bazarynda dartgynlylyk döremegi mümkin.

Käbir synçylar Orsýetiň girizen bu wagtlaýyn gadaganlygyndan soň dünýä galla bazarlarynda däne ýetmezçiliginiň ýiti duýuljakdygyny, gallanyň bahasynyň ep-esli galjakdygyny aýdýarlar. Orsýetden we beýleki däne eksport edýän döwletlerden gowuşýan şeýle habarlar gallany hem galla önümlerini import edýän, satyn alýan ýurtlaryň arasynda belli bir derejede howsala döretdi.

Galla importýorlarynyň arasynda Türkmenistan hem bar

Şu ýylyň iýul aýynyň üçünji ýekşenbesinde Türkmenistanda dabaraly ýagdaýda Galla baýramy bellendi. Bu baýramçylyk mynasybetli döwlet möçberinde geçirilen çärelerde «edermen türkmen babadaýhanlarynyň joşgunly zähmeti netijesinde Watan ammarlaryna 1 million 400 müň tonna däne tabşyrylandygy» öwran-öwran gaýtalandy. Bu görkeziji geçen ýyl ýetilen sepgitden 200 müň tonna köp diýlip nygtaldy.

Emma ýurduň öz içinde-de, onuň daşynda-da yglan edilen sanlaryň belli bir böleginiň çişirilip berlendigi köplere mälim. “Peşeden pil ýasamagy” başarýan Türkmenistanyň döwlet statistika gullugy baryp öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe-de «iş başarjaňlygyny» görkezipdi. Şol ýyllarda resmi maglumatlarda «2,5 –3, 3,5 million tonna türkmen gallasynyň taýýarlanandygy» habar berlipdi. Şol bir wagtda-da şäherleriň, etrap merkezleriniň ilatyna, oba ýaşaýjylaryna un kesgitli paý bellenip, paýlanardy, jan başyna 2-3 kilogram un berlerdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümet başyna gelmegi bilen artdyryp ýazmak, ýurduň statistika gullugy çişirip görkezmek ýaly ýaramaz endikden birneme saplandy. Ýöne ol «ýowuz dertden» statistika gullugy doly gutuldy diýmäge hiç kimiň dili barmaz. Az mukdarda bolsa-da, galla we pagta taýýarlamakda, beýleki pudaklarda gazanylan netijeleri görkezmekde sanlar henizem biraz üýtgedilýär. Şunuň bilen bagly ýurduň içindäki käbir synçylar hakykat ýüzünde şu ýyl 1400 müň tonna däl-de, 850-900 müň tonna töweregi gallanyň taýýarlanandygyny aýdýarlar.

Soňky ýyllar däne ýetmezçiliginiň öwezini Türkmenistan Orsýetden, Gazagystandan satyn alýan ununyň we gallasynyň hasabyna dolup geldi. Näçe tonna däne satyn alnandygy baradaky maglumatlar uly döwlet syry ýaly, ýedi gulpuň aňyrsynda saklanýar… Emma, käbir resmi bolmadyk çeşmeleriň maglumatyna salgylansak, Türkmenistan diňe geçen 2009-njy ýylda Orsýetden, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan jemi ýarym million tonna töweregi däne satyn alypdyr.

Indi nämä garaşmaly?

Dünýä galla bazarynda dörän dartgynlylyk Türkmenistana täsirini ýetirip bilermi? Bu sowala bilermenler dürli-dürli jogap berýärler. Şol bir wagtyň özünde-de bilermenleriň aglabasy ýurtda açlygyň bolmajakdygyny, çörek ýetmezçiliginiň ýiti duýulmajakdygyny aýdýarlar.

Bilermenleriň bu pikiri bilen ylalaşyp bolar. Dünýä bazarynda gallanyň bahasy galsa-da, Türkmenistanda geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda ýüze çykan ýiti çörek ýetmezçiligi indi gaýtalanmaz. Beýle diýmäge birnäçe esas bar.

Birinjiden, şu ýyl Türkmenistanda galla öňki ýyllardakysyndan köp taýýarlandy, hasyl bereketli boldy. Ýurduň içerki bazarynda dänäniň bahasy peseldi, dükanlarda berilýän un paýlary käbir welaýatlarda adam başyna dört kilogramdan alty kilograma çenli köpeldildi.

Ikinjiden, geçen asyryň 90-njy ýyllaryndaky açlykda “agzyny süýde bişirip ”soňra suwy üfläp içen” oba adamlary soňky ýyllarda hökümete onçakly ynanman, öz gamlaryny özleri iýip başladylar. Olar mellek ýerlerinde güýzlük bugdaý ekip, özlerini galla bilen üpjün edip ugradylar. Aýtmaklaryna görä, şu ýyl melleklerde galla hasyly erbet bolmandyr.

Uçünjiden, dünýä bazarynda gallanyň bahasy näçe galsa-da, Orsýet, Gazagystan ýaly döwletler daşarky bazarlara öz gallasyny satmaga wagtlaýyn gadaganlyk girizse-de, Türkmenitan üçin ýetmeýän gallany satyn almaga ähli şertler hem mümkinçilikler bar. Nebitiň, tebigy gazyň eksportundan gelýän gyzyl pula galla eksport edýän dünýäniň beýleki döwletlerinden satyn alyp boljakdygyny hökümet başynda oturanlaram, ýönekeý raýatlaram bilýärler. Şonuň üçin däne eksporty bilen bagly Orsýetden gowşan soňky habarlar köplerde alada döretmedi diýmäge esas bar.

Elbetde, ilaty un hem çörek bilen üpjün etmekde käbir wagtlaýyn kynçylyklaryň bolmagy ähtimal. Belki-de, paý görnüşinde berilýän unuň möçberi öňküsinden kemeldilmegi-de mümkin. Ýöne iň esasy zat – geçen asyryň 90-njy ýyllaryndaky ýaly ýiti un ýetmezçiligi, açlyk bolmaz. Muňa-da köpler şükür edýär.

Şatlyk Öwezow türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG