Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 18 adam zorluklaryň pidasy boldy


Soňky iki gije-gündizde Yrakda 18 adam zorluklaryň pidasy boldy, 20-den gowrak adam ýaralandy.

Musulmanlar üçin mukaddes Remezan aýynyň başlanmagy bilen terroristik aktlaryň we hüjümleriň sany artdy.

Ýekşenbe güni irden üç sünni musulman Bagdadyň günortasyndaky Babil welaýatynda metjitden çykyp gelýärkä atylyp öldürildi.

Bagdatda kiçi awtobusyň minanyň üstünden baryp partlamagy netijesinde ýene üç adam heläk boldy, 11 adam ýaralandy.

Şenbe güni Mosul şäherinde şöweşijileriň hüjümi sebäpli alty polisiýa işgäri öldi.

Zorluklar ýurduň beýleki etraplarynda-da hasaba alyndy.
XS
SM
MD
LG