Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde ýangynly meýlanlaryň sany kemelýär


Häzir Orsýetde ýangynly meýdanlar 53 müň gektar, ol şenbe günündäkiden 3 müň gektar az diýip, Orsyetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministriligi ýekşenbe güni habar berdi.

Ministrligiň maglumatyna görä, Rýazan, Wladimir, Swerdlowskiý oblastlarynda ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar. Demirgazyk-günbatar regionda ownuk ýangyn ojaklarynyň sany artypdyr.

Moskwanyň depesinde peýda bolan goýy tüssäni şemal Moskwanyň eteginden däl-de, Wladimir we Rýazan oblastlaryndan getirdi diýip, Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
XS
SM
MD
LG