Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meksikan aýlagynyň amerikan kenary howpsuz


Şenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Florida ştatyna bardy we Meksikan aýlagynyň telekeçilik üçin açykdygyny, turistler üçin howpsuzdygyny aýtdy.

“Näçe wagt talap edýänem bolsa, daşky gurşaw dikeldilýänçä, men rahatlanmaryn. Men şeýle-de tutuş kenardaky suwa düşülýän ýerleriň ählisiniň arassalanandygyny bellemek isleýärin. Şol ýerler howpsuz we biznes üçin açyk” diýip, Barak Obama aýtdy.

20-nji aprelde Meksikan aýlagyndaky nebit skwažinasynda betbagtçylyk ýüze çykypdy. 11 adam heläk bolup, birnäçe aýyň dowamynda nebit skwažinasyndan aýlagyň suwuna nebit akdy.
XS
SM
MD
LG