Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tomusky Olimpiýa oýunlaryna türkmenistanlylar gatnaşýar


Singapurda ýetginjekleriň tomusky Olimpiýa oýunlary başlandy.

Medal ugrundaky ýaryşlara sportuň dört görnüşi – boks, agyr atletika, suwda ýüzmek we dzýuda boýunça türkmenistanly ýaşlar gatnaşar.

Oýunlaryň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň baýdagyny 17 ýaşly, halkara klasly sport ussady aşgabatly Nursähet Pazzyýew göterip geçdi.

Türkmen komandasyndan ilkinji bolup sport arenasyna boksçy Nursähet Pazzyew çykar. Ondan soň suwda ýüzmek boýunça Jennet Saryýewa, agyr atletika boýunça Ygtyýar Matkarimow, Baýmyrat Orazdurdyýew, dýudo boýunça Jennet Geldibaýewa ýaryşlara gatnaşar.

14-18 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň olimpiýa oýunlary 12 gün dowam eder diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG