Sepleriň elýeterliligi

ABŞ we Günorta Koreýa harby-deňiz okuwlaryna başlaýar


ABŞ we Günorta Koreýa 16-njy awgustda uly harby-deňiz okuwlarynyň başlanjakdygyny mälim etdi.

Okuwlaryň maksadynyň “Demirgazyk Koreýanyň agressiw ymtylmalaryny agyzdyryklamakdygy” habar berilýär.

Ýekşenbe güni Seulda ABŞ-nyň harby edarasynyň wekili 19 gün dowam etjek manýowrlara 30 müň amerikan harbysynyň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Şol bir wagtda okuwlara ABŞ-da ýerleşýän harby gullukçylar kompýuterler arkaly gatnaşar.

Manýowlara Günorta Koreýadan 56 müň harby gullukçy gatnaşar.
XS
SM
MD
LG