Sepleriň elýeterliligi

Transowgan turbasyny gurmaga taýýarlyk görülýär


Türkmenistan-Owganystan-Päkistan–Hindistan gaz turbasyny gurmagyň praktiki başlangyjyna taýýarlyk barada Türkmenistanyň DIM–niň ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

Şu maksat üçin ýakyn wagtda dört döwletiň nebit-gaz ministrleriniň derejesinde bilelikdäki komitetiň maslahaty geçiriler. Onda ylalaşyklar pugtalandyrylar, ähli zerur dokumentler gutarnykly makullanar.

Bu proýektiň amala aşyrylmagy Owganystan üçin ykdysady we sosial taýdan uly peýda getirer. Ilatyň iş bilen üpjünçiligi ýokarlanar, türkmen gazynyň tranziti ýurduň býujeti üçin girdeji çeşmesi bolar.

Dört ýurdy baglanyşdyrjak turbanyň bilelikde gurulmagynyň Aziýadaky ýagdaýy we syýasy klimaty gowulandyrmaga ýardam etjekdigi metbugat beýanatynda nygtalýar.
XS
SM
MD
LG