Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň ýolbaşçysy Pakistana sapar edýär


Ýekşenbe güni Pakistana baran Birleşen Milletler guramasynyň Baş sekretary Ban Ki Mun Pakistanda sil suwy basan käbir regionlara uçar arkaly aýlanyp, ýagdaýa syn etdi.

Ol bu regionlardaky ýagdaýy özüniň syn eden iň bir aýylganç tebigy betbagtçylyk ýagdaýy hökmünde suratlandyrdy.

Ban Ki Mun özüniň Pakistana edýän bu saparynyň maksadyny gumanitar ýardamlaryň ýerli ilata ýaýradylyş ýagdaýy bilen ýakyndan tanyşmak hem-de Pakistanyň ilatyna halkara jemgyýetçiliginiň goldaw bermäge taýýardygyny mälim etmek maksady bilen baglanyşdyrýar.

Ol regionlara eden düýnki saparynyň yzy bilen eden çykyşynda şu hepdäniň ahyrynda Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasyny Pakistana has köp gumanitar ýardam bermäge çagyrjakdygyny aýtdy.

Pakistanyň hökümet resmileri indi üç hepdä golaý wagt bäri dowam edýän sil heläkçiliklerinde 1 müň 600-den gowrak adamyň ölendigini we 14 mllion töweregi adamyň öz ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur bolandyklaryny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG