Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada metbugatyň ýagdaýyna alada bildirilýär


Ýekşenbe güni Ukrainada metbugat azatlygyny goramak boýunça iş alyp barýan «Senzurany togtat» atly gurama ýakyn wagtlarda ýurduň žurnalistleriniň metbugat azatlygyna görkezilýän basyşlara garşy protest bildirip, köpçülikleýin iş taşlaýyşlyklary yglan etmekleriniň mümkindigini duýduryp, ýörite beýanat ýaýratdy.

Bu beýanatda prezident Wiktor Ýanukowiçiň ýolbaşçylygy astynda soňky 6 aýyň dowamynda Ukrainada metbugat azatlygynyň berk gysyşlara duçar bolandygy aýdylýar.

Metbugat azatlygyny goramak boýunça iş alyp barýan bu toparyň ýaýradan beýanaty şu gün Ukrainada iki sany telekanalyň işi boýunça geçiriljek sud diňlenişiginiň öňýanyndaky güne gabat geldi.

Şu gün Kiýewde geçiriljek sud diňlenişiginde oppozisiýa tarapdar «TVi» hem-de «5-nji Kanal» atly telekanallaryň lisenziýalarynyň kanunydygy ýa däldigi baradaky mesele boýunça höküm çykarylar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG